Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular

  • 28.04.2019 12:51
  • 1.5k+

22-26-njy aprelde Harkowda taý boksy we başa-baş göreşiň garyşyk görnüşi boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa dünýäniň on döwletiniň türgenleri, şol sanda Türkmenistandan 16 sany türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri dürli ýaş kategoriýalarynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeler gazandylar.

Altyn medala mynasyp bolan türgenler — Akmämmet Seýdulla (45 kg agram dereje), Sapar Amangeldiýew (50 kg), Maksat Rejepow (60 kg), Bahram Orazmämmedow (60 kg), Merdan Pirmedow (77 kg), Döwran Ataýew (84 kg).

Kümüş medallaryň eýeleri — Ysmaýyl Döwletow (55 kg), Rüstem Hudaýgulyýew (56 kg), Kemal Döwletow (70 kg), Begzada Meredow (75 kg).

Bürünç medallaryň eýeleri — Tirkeşgeldi Garajaýew, Batyr Baýramgeldiýew (60 kg), Ara Ýegenow (70kg), Adyl Sähedow (65 kg), Mekan Jumabaýew (70 kg ), Döwran Baýramsähedow (+75kg).

Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Türkmenistan bäsleşik tablisasynda 2-nji orny eýeleýär.

düýn 17:08
4.7k+

Taýson Fýuri Usik bilen üçünji söweşiniň senesini aýtdy

Britaniýaly boksçy Taýson Fýuri Instagram-da 2026-njy ýylda ukrainaly Aleksandr Usik bilen üçünji gezek söweşjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, söweş 18-nji aprelde Londondaky “Uembli” stadionynda geçiriler...

03.07.2025 23:14
7.4k+

“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär...

03.07.2025 22:52
5.8k+

Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy

37 ýaşly argentinaly futbolçy Anhel Di Mariýa Ýewropadaky 18 ýyllyk karýerasyny tamamlaýandygyny we öz eziz kluby “Rosario Sentrala” gaýdyp barýandygyny habar berdi. Ýarymgoragçy professional karýerasyna bu klubda başlapdy...

03.07.2025 18:15
6.6k+

ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar

Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi. Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi...