«Istiklol» futbol topary «Altyn Asyr» bilen duşuşmak üçin Aşgabada geldi

  • 16.04.2019 09:57
  • 1.7k+

Duşenbäniň «Istiklol» futbol toparynyň wekiliýeti 26 adamdan ybarat düzüm bilen 15-nji aprelde irden Aşgabada geldi. 17-nji aprelde ol AFK-2019 Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji oýnunyň çäklerinde Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary bilen duşuşar.

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip düşeninden soňra, «Istiklolyň» futbolçylary we tälimçiler topary «Sport» mynmanhanasyna ýerleşdiler. Şol gün agşam täjik topary Türkmenistanda ilkinji türgenleşigini geçer.

16-njy aprelde duşuşykdan öňki maslahat geçer, şeýle hem resmi türgenleşik bolar.

Ýatlatsak, AFK-2019 Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerindäki «Altyn Asyr» (Türkmenistan) — «Istiklol» (Täjigistan) duşuşygy 17-nji aprelde Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda geçer. Duşuşyk 17:00-da başlanar.

 

«Istiklolyň» «Altyn Asyr» bilen duşuşygy üçin düzümi:

Derwezewanlar: Nikola Stoşiç, Rustam Ýatimow;

Goragçylar: Ahmat Nazarow, Iskandar Jalilow, Bahtiýor Kalandarow, Alekseý Larin, Jalil Kimsanow, Zoir Žuraboýew;

Ýarymgoragçylar: Fathullo Fathulloýew, Alişer Jalilew, Amirbek Žuraboýew, Ehsoni Pançşanbe, Şahrom Sulaýmonow, Muhammadjon Rahimow, Mihaýlo Sakiç;

Hüjümçiler: Ruslan Korýan, Komron Tursunow, Şeriddin Boboýew.

Ýolbaşçy düzüm: Şahzod Sulaýmonow – toparyň menejeri, Hakim Fuzaýlow – baş tälimçi, Alişer Tuhtaýew – tälimçi, Aleksandr Kit – derwezewanlaryň tälimçisi, Farruh Awezow - lukman, Erkin Dodožonow – fizioterapewt, Odil Irgaşew – administrator, Rustam Hakimow – press-attaşe.

вчера 19:10
3.6k+

Возвращение «Особенного»: Жозе Моуринью возглавил мадридский «Реал»

Португальская «Бенфика» официально объявила об уходе 63-летнего главного тренера Жозе Моуринью. Специалист возвращается в мадридский «Реал»....

вчера 17:32
4.6k+

ФИФА нашла новый способ заработать на болельщиках: за $79 их имена покажут на табло

ФИФА предложила болельщикам новую услугу на чемпионате мира 2026 года: за 79 долларов их имена будут отображаться на табло стадионов во время матчей группового этапа....

вчера 10:53
6.2k+

AS: «Реал» требует у УЕФА аннулировать 23 титула «Барселоны»

Мадридский «Реал» направил в УЕФА досье по делу бывшего вице-президента технического комитета судей Испании Хосе Марии Энрикеса Негрейры и потребовал применить санкции к «Барселоне», сообщает Diario AS....

09.06.2026 22:01
5.4k+

Легенда «Ливерпуля» Дивок Ориги объявил о завершении карьеры в 31 год

Бывший нападающий «Ливерпуля» и сборной Бельгии Дивок Ориги объявил о завершении профессиональной карьеры в возрасте 31 года....