Ahal welaýatynda gazbeton zawody işe girizildi

  • 10.04.2019 14:49
  • 2.6k+

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky maksatnamanyň çäklerinde guruldy.

180 müň kub metr gazbeton önümlerini hem-de 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän döwrebap senagat toplumy hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Täze desga Germaniýanyň şu ugurda ýöriteleşdirilen «Wehrhahn GmbH» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edildi. Täze zawodda ýuwlan çägäni, gury gurluşyk galyndylaryny hem-de gazbeton toplumlaryny öndürmek boýunça doly awtomatlaşdyrylan bölümler guruldy. Açylan desga ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen, gazbeton serişdelerini, olar üçin plastmassalary, keramiki plitalary, daşky we içerki timar üçin suwaglary we beýleki önümleri öndürer.

Täze desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çärä gatnaşanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

вчера 16:07
1.8k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......

вчера 14:18
4.8k+

Bloomberg: Трамп собирается ввести новые пошлины на товары из 60 стран

Администрация президента США Дональда Трампа рассматривает возможность введения новых импортных пошлин в отношении товаров из примерно 60 стран. Об этом сообщило агентство Bloomberg со ссылкой на Управление......

вчера 12:34
3.2k+

В трёх велаятах Туркменистана началась жатва пшеницы

3 июня в Ахалском, Лебапском и Марыйском велаятах началась зерноуборочная кампания 2026 года....

02.06.2026 21:16
5.4k+

К 2050 году отходы обеспечат около половины потребностей Европы в критическом сырье

К 2050 году отходы могут стать одним из основных источников критически важных материалов для Европы и обеспечить до 56% потребностей региона в таком сырье. К такому выводу пришли участники финансируемого......