Deonteý Uaýlder Taýson Fýuriden iki nokaut alandan soň birinji tutluşygynda ýeňiş gazandy

  • 17.10.2022 10:15
  • 15180
Deonteý Uaýlder Taýson Fýuriden iki nokaut alandan soň birinji tutluşygynda ýeňiş gazandy

Amerikaly boksçy Deonteý Uaýlder Nýu-Ýorkda geçen tutluşygyň birinji raundynda finlýandiýaly pälwan Robert Heleniusy nokauta gidirdi. Başa-baş göreş üç minutdan hem az dowam etdi.

Uaýlder üçin bu göreş britaniýaly türgen Taýson Fýuriden iki gezek ýeňlenden soňky birinji göreş boldy. Ol ilki 2020-nji ýylyň fewralynda aşa agyr agramda Taýsondan WBC-niň titulyny nokaut bilen utdurdy, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa başa-baş göreş-rewanşda ondan tehniki nokaut bilen ýeňildi.
Göreşden soň amerikaly türgen: "Deonteý Uaýlder gaýdyp geldi" diýdi.
36 ýaşly Uaýlder ringde 43 gezek ýeňdi (42 nokaut bilen), iki gezek ýeňildi we bir göreşi deňme-deň tamamlady (2018-nji ýylda Fýuri bilen). Amerikaly türgen öň 40 ýaşyna çenli çykyşyny dowam etmekçidigini  mälim edipdi.
Karýerasynda 31 gezek ýeňiş gazanan (20-si nokaut bilen), 34 ýaşly Helenius dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy. 


17.06.2023 14:42
26622

Wenesuelanyň prezidenti Maduro boks boýunça hormatly dünýä çempiony boldy

Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) wekilleri Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro sportuň bu görnüşini ösdürendigi we türgenleri öňe iterendigi üçin hormatly dünýä çempiony guşagyny berdiler. Bu barada döwlet...

20.09.2021 19:48
9015

Boksçy Menni Pakýao Filippinleriň prezidentligine dalaş etmek kararyna geldi

Boksçy Menni (Emmanul) Pakýao Filippinleriň prezidenti wezipesine dalaşgärligini hödürledi. 42 ýaşly Pakýaony ýurduň dolandyryjy partiýasy goldaýar diýip, CNN Philippines teleýaýlymy habar berýär. Muny iz.ru ýetirýär...

düýn 17:46
5552

Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün, 18-nji maýda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Konstitusiýa binasyna we Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi diýip, TDH habar berýär. Türkmen edebiýatynyň nusgawy...

düýn 09:39
16537

Ogulgerek Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygynyň maşgalasyny Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy

17-nji maýda Aşgabatda Maslahat köşgünde “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat başlamazdan ozal, ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary...