Sentýabr aýynyň ahyrynda IPO çykan Porsche kompaniýasy Ýewropada iň gymmat ulag öndüriji boldy. Bu barada Reýter agentligi habar berýär.
Porshe-niň paýnamalary birža goýlandan soň durnukly ösýändigini görkezdi. Netijede, 2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda kompaniýanyň umumy bahasy 85 mlrd ýewro ýetdi. Soň kotirowka peselenem bolsa, Porsche öňküsi ýaly Ýewropanyň umumy bahasy 84 mlrd ýewro durýan iň gymmat ulag kompaniýasy bolmagynda galýar. Hususan-da, Volkswagen konsernine 77,7 mlrd ýewro, Mercedes-Benz-e 57,2 mlrd ýewro baha kesilýär. Onuň yzyndan BMW (47,5 mlrd ýewro) we Stellantis (39,7 mlrd ýewro) gelýär.