Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy

  • 24.08.2022 19:24
  • 30k+

Samsung Electronics kompaniýasy halkara bazary üçin täze Galaxy A04 smartfonyny hödürledi.

Smartfon elýeter bahaly modeldir, onuň esasy artykmaçlygy batareýasynyň göwrümliligidir.
Galaxy A04-e HD+ razreşeniýeli (720 x 1600 piksel) diagonaly bolan ŽK ekran, 5 Mp-lyk damjapisint kesikli frontal kamera, goşa esasy kamera (48 we 2 Mp), SoC Qualcomm Snapdragon 695, 15 Wt zarýad göterýän 5000 mA.s sygymly akkumulýator goýuldy.
4G LTE, Wi-Fi (802.11 a/b/g/n/ac, 2,4 we 5 GGs), Bluetooth 5.0-i göterýär, emma NFC moduly welin, göz öňünde tutulmandyr. Ölçegi 164,4 x 76,3 x 9,1 mm, smartfonuň agramy 192 gram.
Galaxy A04-e One UI Core 4.1 ýeňilleşdirilen daş görnüşli Android 12  operasion ulgam gurnalan. Ulanyjylara 4,6 we 8 GB OZU wersiýalary, şeýle-de 32, 64 we 128 GB fleş-ýat teklip ediler.
Resmi taýdan satylyp başlanjak möhleti we hödürlenjek bahalary heniz aýdylanok.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...