Edinburgyň «gymmat» festiwaly 75 ýyllygyny belleýär

  • 10.08.2022 08:30
  • 11839
Edinburgyň «gymmat» festiwaly 75 ýyllygyny belleýär

Guramaçylarynyň dünýäde iň bir iri diýip atlandyrýan Edinburg sungat festiwaly özüniň 75 ýaşyny belleýär. Onuň çäklerinde Şotlandiýanyň paýtagty dünýäniň 58 ýurdundan gatnaşýanlaryň 3 müňe golaý çykyşlaryna we şüweleňlerine tomaşa eder diýip, euronews.com  habar berýär.

Guramaçylar festiwalyň “has öz çekiji we elýeterli bolandygyny” aýdýarlar, ýöne gatnaşyjylar Şotlandiýa syýahat etmegiň aňsat däldigini-de gizlemeýärler.

Triniti Silk (aktrisa): “Iri kompaniýamyzy bu ýere getirmek üçin köp pul ýygnamaly bolduk. Bu diýseň kyn. Meniň pikirimçe, şäheriň mundan-da has köp gatnaşyjylary kabul etmäge we sungat işgärlerine has köp goldaw bermege mümkinçiligi bar, bu gaty gowy” diýýär.

Uill Lambert (aktýor): “Bu ýerde hemme zat juda gymmat. Muny tomaşaçylar siziň bilmegiňiz hökmandyr. Sebäbi siz düşünmän bu ýere düşewüntsiz şüweleň getirseňiz, köp pul ýitirersiňiz” diýip, açyk ýagdaýda habar berýär.

Şeýle-de bolsa gatnaşyjylar, esasanam tomaşaçylar Edinburg festiwalynyň pandemiýadan soň doly göwrümli gaýdyp gelendigine begenýärler.

düýn 22:55
4501

TikTok emeli aň tarapyndan döredilen wideolary bellik edip başlar

TikTok emeli aňyň (AI) kömegi bilen döredilen wideolar üçin awtomatiki bellik funksiýasynyň girizilendigini habar berdi. Täzelik aç-açanlygy ýokarlandyrmak we dezinformasiýa (ýalan maglumatyň ýaýradylmagy) garşy...

düýn 20:27
3199

Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin gyssagly täzelenme çykardy

Google kompaniýasy howply gowşaklygy düzetmek üçin Chrome brauzeriniň täzelenmesini çykardy diýip, HelpNetSecurity portaly ýazýar. Kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hünärmenler Chrome-da ulanyjylaryň gurluşlarynda maglumatlara...

düýn 11:03
4912

«Sýogun» ikinji möwsüme uzaldylyp bilner: serialyň esasy aktýory täze şertnama gol çekdi

Ýapon kinosynyň ýyldyzy Hiroýuki Sanada "Sýogun" serialyny çykaran FX ýaýlymy bilen täze şertnama gol çekdi. Munuň özi Jeýms Klawelliň adybir romany esasynda düşürilen serialyň ikinji möwsüme uzaldylyp bilinjekdigi...

düýn 10:49
4481

Apple iPhone 16 Pro-nyň ekranlarynyň ýagtylygyny ep-esli ýokarlandyryp biler

Ýakynda çykjak flagman iPhone 16 Pro-nyň displeýleri SDR-kontenti oýnadylanda ozalkydan 20% ýagty bolar. Rozetked portaly bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp ýazýar. Syzdyrmalara görä, displeýleriň adaty...