Hoakin Feniks bilen “Joker” filminiň dowamy 2024-nji ýylyň oktýabrynda çykar

  • 06.08.2022 09:38
  • 6.7k+

Baş keşpde amerikaly aktýor Hoakin Feniks bilen “Joker” filminiň dowamy “Joker: iki baş üçin akmaklyk” (Joker: Folie a Deux) ady bilen 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda ekrana çykar. Bu barada “The Hollywood Reporter” žurnaly habar berdi diýip, TASS belleýär. 

Onuň maglumatlaryna görä, filmdäki keşpleriň birini amerikaly aýdymçy Ledi Gaga ýerine ýetirip biler, ýöne häzirlikçe onuň haýsy gahrymanyň keşbini oýnajakdygy belli däl. Kartinanyň režissýory Todd Fillips bolar.
Deadline portalynyň maglumatlaryna görä, film dekabrda surata düşürilip başlanar.
“Joker” filmi 2019-njy ýylda ekrana çykdy we iki “Oskar” baýragyna mynasyp boldy: iň gowy saundtrek üçin (kompozitor Hildur Gadnaouttir) we iň gowy erkek keşbi üçin (Hoakin Feniks).

17.12.2025 10:34
3.6k+

Vogue 2025-nji ýylyň iň ýaraşykly stili bolan adamlaryny atlandyrdy

Vogue amerikan neşiri ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň gowy geýnen adamlarynyň sanawyny hödürledi. Atlaryň sanawy we iň gowy obrazlaryň suratlary žurnalyň saýtynda ýerleşdirildi. Reýtinge moda, kino, aýdym-saz, syýasat we işewürlik pudagyndan 50 töweregi şahsyýet girdi...

10.12.2025 12:02
6.1k+

Levi's brendi Eýnşteýniň meşhur kurtkasyny täzeden dikeltdi

Levi's Vintage Clothing brendi fizik Albert Eýnşteýniň geýen meşhur deri kurtkasynyň çäkli seriýasyny görkezdi. Menlo Cossack diýlip atlandyrylan bu modelden jemi 800 sany öndürildi. Hypebeast-iň habar bermegine görä, olaryň her biri elde belgilenendir...

08.12.2025 11:42
2.1k+

Versace-iň döredijilik müdiri Prada Group bilen şertnamadan soň brendden gitdi

Versace-iň döredijilik müdiri Dario Witale brendden gitdi. Bu Versace-iň Prada Group-yň gözegçiligine geçmegini göz öňünde tutýan şertnama ýapylandan iki gün soň bolup geçdi. Maglumaty markanyň wekilleri tassyklady, ýöne giňişleýin maglumat entek ýok diýip, WWD habar berýär...

08.12.2025 06:09
7k+

Moda dizaýneri dünýädäki iň gara matadan köýnek döretdi: ol ähli ýagtylygy diýen ýaly özüne siňdirýär

Kornell uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary häzirki güne çenli mälim bolan matalaryň içinde iň garasyny işläp düzdüler. Täze gara materialyň ýagtylygy yzyna serpikdiriş koeffisienti bary-ýogy 0,13%. Barlagçylar ultra-gara ýelekli täsin galkanly guşlaryň (Ptiloris magnificus) horazynyň ýelek gurluşyndan ylham aldylar...