Новая Toyota Camry провалила боковой краш-тест

  • 05.08.2022 15:03
  • 55k+

2022-nji model ýylynyň Toyota Camry awtoulagy ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) geçiren gapdal kraş-synagyndan iň ýaramaz netije aldy. 

"Camry-niň synagynyň netijeleri sürüjiniň göwresiniň we çatalbasynyň aram şikes almak, şeýle-de, yzda oturan ýolagçynyň çatalbasynyň agyr şikes almak töwekgelçiliginiň bardygyny görkezdi" - diýip, kraş-testi gurnaýjylar gürrüň berdiler.

IIHS institutynda Camry-den başga-da üstümizdäki model ýylynyň ýene alty awtoulagynyň gapdallygyna düşme kraş-synagyny geçirdiler. Onda Nissan Altima bilen Chevrolet Malibu iň ýaramaz netijäni görkezdiler. Honda Accord awtoulagy "üçlüjek" aldy, Hyundai Sonata we Volkswagen Jetta "makul" görüldi, ýokary netijä bolsa Subaru Outback mynasyp boldy.

"Camry-de, Altima-da we Malibu-da oturan sürüjiniň ýa-da yzdaky ýolagçynyň manekenleriniň (ýa-da ikisiniňem) kellesi gapdal howpsuzlyk ýassygynyň aşagyna girip gitdiler" -diýip, IIHS-de bellediler.

IIHS-de täzelenen gapdal kraş-testi boýunça synag geçirdiler — öňki synaglar ýol-ulag hadysasynda gapdallygyna  düşmegiň hakykatda çynlakaý howpdugyny görkezmeýärdi, ýogsam, şeýle hadysa uçran ýeňil awtoulaglaryň ýolagçylarynyň dörtden bir bölegi diýen ýaly ýogalýardy. Täzelenen gapdallygyna düşme synagynda has ýokary tizlik bilen hereket edýän agyr päsgelçilik ulanylýar. Täze päsgelçiligiň agramy 1905 kg, bu bolsa orta ölçegdäki häzirki zaman wnedorožnikleriniň agramyna deňdir. Synagda päsgelçiligi  60 km/sag bilen barýan synag awtoulagy bilen çaknyşdyrýarlar (1500 kg-a garşy, öň 50 km/sag bilen barýan).


29.05.2026 16:35
6.4k+

Toyota впервые начнёт выпускать автомобили для Японии на Тайване

Toyota впервые организует производство своих основных моделей для японского рынка за пределами страны: выпуск автомобилей Noah и Voxy начнётся на Тайване, а импорт в Японию стартует в октябре....

23.05.2026 08:13
4k+

Toyota вновь отзывает автомобили с V6 из-за проблем с моторами

Toyota объявила об отзыве около 44 тысяч пикапов Toyota Tundra в США из-за риска поломки двигателей V6 объёмом 3,5 литра....

22.05.2026 14:47
6.6k+

На японский рынок вышел самый маленький внедорожник Toyota Land Cruiser FJ

Toyota официально объявила о начале продаж нового рамного внедорожника Land Cruiser FJ на рынке Японии. Модель представлена в единой комплектации VX по цене 4,5 млн иен (около 28 800 долларов)....

18.05.2026 06:21
5.9k+

Toyota собирается превратить RAV4 в пикап с несущим кузовом

Toyota изучает перспективу разработки и выпуска нового легкового пикапа на платформе кроссовера RAV4 актуального поколения. Об этом в интервью изданию Automotive News сообщил глава североамериканского......