2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi

  • 05.08.2022 12:52
  • 29k+

Android Police portalynyň redaksiýasy 2022-nji ýylyň iň gowy alty sany Android smartfonyny saýlady. “Redaksiýanyň saýlany” kategoriýasynda ýeňiş we birinji orun Snapdragon 8 Gen 1 çipsetine esaslanýan Samsung Galaxy S22 Ultra smartfonyna degişli boldy diýip, gazeta.ru salgylanyp, Trend habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu smartfon S Pen stiluslary bolan Galaxy Note smartfon hatarynyň iň gowy aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Bu flagmanyň artykmaçlyklarynyň arasynda öňdebaryjy displeý we premium ýygnama hili bellenilýär. Şeýle-de bolsa, toplumda zarýad berijiniň ýoklugy, smartfonyň bahasy we ölçegi ulanyjylary biynjalyk edip biler.

“Iň gowy baha we hil gatnaşygy” kategoriýasynda Google Pixel 6 smartfony ýeňiş gazandy. Portalyň redaksiýasy ony ikinji orunda ýerleşdirdi. Onuň artykmaçlyklaryna esasy kameradan alynýan suratlaryň hiliniň ýokary bolmagy, ýokary öndürijilik derejesi, Android 12 we öndüriji tarapyndan bäş ýyl programma üpjünçiliginiň goldawy degişli. Smartfona teleobýektiwiň ýetmeýändigi hem-de käbir ýagdaýlarda kameranyň fotografiýalarda ýalpyldy “tutýandygy” bellenilýär. Onuň kem tarapyna işleýiş tizligi boýunça bäsdeşlerinden yza galýan barmak yzyny skanerleýji hem goşuldy.

Bahasynyň ýokarydygyna, frontal kameradan alynýan suratlaryň hiliniň ortaçadygyna we awtonom iş wagtynyň ortaçadygyna garamazdan, “Premium gajet” kategoriýasynda ýeňiş we üçünji orun eplenýän Samsung Galaxy Z Fold3 smartfonyna degişli boldy. Ol hem smartfonyň, hem planşetiň ornuny tutup bilýär. Snapdragon 888 çipseti we 12 GB operatiw ýat arkaly onuň öndürijiligi-de ýokarydyr. Portalyň redaksiýasy onuň içerki we daşarky displeýine, şeýle-de 2025-nji ýyla çenli howpsuzlyk meýilnamasynda kepillendirilen programma üpjünçiligine gowy baha berdi. 

2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlarynyň sanawyna Google Pixel 6a, Samsung Galaxy Z Flip3 we Pixel 6 Pro hem girip, olar degişlilikde 4, 5 we 6-njy orunlary eýelediler.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...