Gurban aýynyň ilkinji ongünlüginiň aýratynlygy

  • 04.07.2022 11:48
  • 49k+

2-nji iýulda türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmäge ugradylar. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz bütin dünýäniň zyýaratçylary bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar. TmCars.info bu gezekki materialynda Gurban aýynyň ilkinji ongünlüginiň aýratynlygy barada gürrüň bermegi makul bildi.

Yslam dininde iki sany uly baýramçylyk bar. Birinjisi, Oraza baýramy, ikinji Gurban baýramy. Oraza baýramy bilen Gurban baýramynyň arasy ortaça ýetmiş gündür. Gurban aýy hem edil Oraza aýy ýaly iň mertebeli, amallary has sogaply aýlaryň biri hasap edilýär. Esasanam, Gurban aýynyň ilkinji on güni aýratyn ähmiýet berilmegine mynasyp. Orta asyrlarda ýaşan musulman alymy Rejep al-Hanbeliniň «Lataif al-Maarif» atly eseriniň «Gurban aýynda bitirilmeli möhüm wezipeler» atly bölüminde «Gurban aýynyň ilkinji on gününiň tutuş ýylyň dowamyndaky iň gowy, iň bereketli günlerdigi» ýatlanylýar. Bu günlerde agyz beklemek, has köp ýagşylyk, haýyr-sahawat etmek, birek-biregi begendirmek ündelýär. Bu hakda Pygamber alaýhyssalamyň hadyslarynda hem beýan edilýär. «Allatagala ybadat etmek üçin günleriň içinde iň sogaplysy Gurban aýynyň (Zülhijjäniň) ilkinji on günüdir. Her gününiň orazasy bir ýylky Oraza, her gijeki ybadaty Gadyr gijesiniň ybadatyna barabardyr» diýen hadys getirilýär.  

Bu on günlükde uly haj ybadatynyň hem ýerine ýetirilýändigi, soňra Gurban baýramyna ýazyp gidýändigi has-da ähmiýetlidir. Gurban aýynyň onunjy güni Gurban baýramynyň ilkinji günüdir. Gurban baýramynyň öň ýanyndaky günlerde berjaý edilýän haj dessuryna uly haj diýilýär. Uly haj möwsüminden beýleki wagtlarda ýerine ýetirilýän haj dessuryna umra hajy diýilýär. Uly haj parzyny berjaý etmegi niýet edinen her bir adamyň ilki umra hajyny ýerine ýetirmegi gowy görülýär. Umra hajyna keramatly Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanmak — tawaf etmek («tawaf etmek» sözi türkmen dilinde «togap etmek» ýaly ulanylýar. Aslynda diňe Käbe togap edilmelidir, ýagny diňe Käbäniň daşyndan aýlanmalydyr diýilýär), şükür namazyny okamak, Makam Ybraýyma barmak, Zemzem çeşmesiniň suwuny dik durup içmek, içmeziňden öňürti bolsa ýagşy dileg-dogalary etmek, soňra Safa bilen Merwe daglarynyň arasynda saý dessuryny — ýedi öwrümi (jemi üç ýarym aýlaw) ýerine ýetirmek degişlidir. Şu ýere çenli berjaý edilýän ybadatlar bilen umra hajy dessury tamamlanýar.

Uly haj ybadatynda bulardan başga-da bir gijäňi tagat-ybadat bilen Arafatda geçirmek, Adam ata bilen How enäniň zeminde tapyşan ýeri Arafat dagyna çykmak, Mina, Müzdelife ýaly ýerlerde dileg-doga we namaz-ybadata berilmek, Minadaky ýetmiş pygamberiň namaz okan ýerinde namaz okamak, Iblise daş oklamak, gurbanlyk janly bermek ýaly  haj parzynyň berjaý edilmeli şertleri bardyr. Bu şertler ýerine ýetirilenden soňra, hajylar ýa saçlaryny bütinleý syrdyrýarlar ýa-da yrym-ynanjyna laýyklykda saçlarynyň bir ýerinden gyrkdyrýarlar.

Taryhy rowaýatlara görä, keramatly Käbäniň ilkinji kerpijini perişdeler goýupdyr. Olar bu işde Adam ata ýardamçy bolupdyrlar. Mukaddes Käbäniň taryhy soňra Ybraýym pygamber bilen baglanyşykly wakalar bilen has-da baýlaşýar. Bibi Hajaryň ogly Ysmaýyl üçin suw gözläp, iki ýana elewrän ýerleri — Safa bilen Merwe daglarynyň arasy hem soňlugy bilen haj dessuryna öwrülýär.

Käbedäki Gara daşyň sag burçundan, sag elini galdyryp, Käbä salam bermek bilen tawaf dessuryny berjaý etmäge girişilýär. Rowaýatlara göra, «eýýäm birinji tawafda ynsan özi hem-de özi bilen baglanyşykly ähli zatlar — geçmişi, şu güni, geljegi hakda düýpli pikir öwrüp ýetişýär. Imanynyň derejesine görä ýüregine nur guýlup başlaýar. Ýedinji tawafy berjaý edýänçä onuň ruhy dünýäsi ymykly päklenip, kalby-köňli nur bilen dolýar. Ol kämilligiň täze tapgyryny alamatlandyrýar» diýilýär.

Ýylyň iň bereketli, amallary has sogaply günleri hökmünde ýatlanylýan Gurban aýynyň şu günlerinde ýerine ýetirýän tagat-ybadatlaryňyz Hak dergähinde kabul bolsun!

20.02.2026 18:51
4.1k+

ВЕРА! СТРЕМЛЕНИЕ! ПОБЕДА!.. В TMBIZ завершился первый этап розыгрыша призов

«Добрым молодцам — по заветной мечте, а лихим да дурным — остаться в стыде. Да только и дурному в стыде оставаться не пристало — пусть и ему радости перепадет немало». Эти строки, венчающие многие наши народные сказки, знакомы каждому с детства...

19.02.2026 14:25
5.7k+

ХО «Mukaddes behişt ýoly» организует умру в месяц Рамазан

Хозяйственное общество «Mukaddes behişt ýoly» организует поездки для совершения малого паломничества (умры) в священный месяц Рамазан. Компания предлагает гражданам, желающим посетить святые места, услуги высокого качества по доступным ценам...

19.02.2026 09:44
1.7k+

Цирк имени Гёроглы в Аркадаге приглашает на новое головокружительное шоу

Выходной — это не просто пауза между рабочими днями. Это редкий шанс замедлиться, вырваться из привычного ритма и подарить себе и близким настоящие эмоции. В Аркадаге такой сценарий работает уже давно — и каждое воскресенье он собирает полные трибуны...

16.02.2026 09:59
10k+

Почти лето в середине февраля и предвесенние дожди: прогноз погоды на неделю

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана предоставила прогноз погоды на текущую неделю. Балканский велаят: Переменная облачность. В начале недели и во второй половине ожидаются дожди...