Awgustda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygy geçiriler

  • 27.05.2022 08:09
  • 15k+

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlise gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen duşuşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar guramanyň häzirki gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumy, 2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň agza ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň 15-nji sammitinde we daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisinde kabul edilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag ministrleriniň nobatdaky duşuşygy bilen bagly meselelere-de garadylar.  


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.7k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......