Serdar Berdimuhamedow Ysraýylyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

  • 11.05.2022 08:47
  • 4.2k+

10-njy maýda Prezident​ Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türkmenistan bu sebitde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler biziň ýurtlarymyzyň döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Söwda-ykdysady ulgam, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, suw serişdelerini rejeli ulanmak we beýlekiler şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.


düýn 11:56
3.5k+

Türkmenistan Nigeriýa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi

4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän we ýany bilen degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy bolan diplomatik notany gowşurdy...

05.07.2025 18:19
2.8k+

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Estoniýanyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullady. Degişli teklibi anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M...

05.07.2025 18:09
3.6k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly çäreleri makullady

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly”...

05.07.2025 08:44
11k+

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat 4-8-nji awgustda Awazada geçiriler

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4...