Ýewropa ligasynyň finalynda «Aýntraht» bilen «Reýnjers» duşuşar

  • 06.05.2022 02:45
  • 7.5k+

5-nji maýda Ýewropa ligasynyň 2021/2022 möwsüminiň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi.

Germaniýanyň «Aýntraht» kluby öz meýdançasynda iňlisleriň «West Hem Ýunaýted» klubuny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýeke-täk goly hüjümçi Rafael Borre geçirdi. Iki oýnuň jemleri boýunça (2:1, 2:0) «Aýntraht» Ýewropa ligasynyň finalçysy bolmagy başardy.
Beýleki ýarym final duşuşygynda şotlandiýalylaryň «Reýnjers» kluby nemesleriň «RB Leýpsig» klubuny 3:1 hasabynda ýeňdi. Iki oýnuň jemleri boýunça (0:1, 3:1) «Reýnjers» finala çykdy.
Şeýlelikde, final duşuşygynda «Aýntraht» bilen «Reýnjers» duşuşar. Duşuşyk 18-nji maýda Sewilýada «Roman Sançes Pishuan» stadionynda geçiriler.


düýn 17:01
7.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....