Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 7 ýyllyk meýilnamalary düzüler

  • 06.05.2022 02:25
  • 26k+

5-nji maýda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işlerini has-da döwrebap derejede guramak, olary dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak möhletli meýilnamalary kabul etmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýolbaşçylyk edýän edaralaryny ösdürmek boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar üçin 7 ýyllyk meýilnamalaryň taslamalarynyň gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we olary bellenen tertipde tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy. Bu meýilnamalar kabul edilenden soňra, olarda göz öňünde tutulan wezipeler, işlerdir çäreler berk gözegçilikde saklanyp, üstünlikli durmuşa geçirilmelidir.

Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, öz ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, korrupsiýany we parahorlugy ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak hem-de netijelerini aradan aýyrmak, şeýle-de bu ugurda günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek boýunça alyp barýan işlerini mundan beýläk-de has güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. “Biz döwletiň, halkyň, il-günüň emlägine göz dikip, haram ýollar bilen baýamaga synanyşýan jenaýatkärlere hiç haçan göz ýumup bilmeris” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.


şu gün 11:12
713

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

şu gün 11:02
4.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

şu gün 10:18
2.4k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

şu gün 10:09
4.4k+

Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy...