Taýson Fýuri Uaýt bilen titul söweşi üçin 33 mln dollardan gowrak gazandy

  • 26.04.2022 15:38
  • 10k+

Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri watandaşy Dillian Uaýta garşy söweşi üçin 33,6 mln dollar gazandy. Bu barada žurnalist Maýkl Benson Twitterde habar berýär.

“Uembli” stadionynda geçirilen söweş alty raund dowam etdi we Fýuriniň nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. Taýsonyň gonorary 29,5 mln dollar boldy, şeýle-de ol 4,1 mln dollar möçberinde ýeňşi üçin bonus aldy. Uaýt 7,4 mln dollar gazandy.

Taýson Fýuri 33 ýaşynda, ol professional ringde ýeňliş diýen zady bilmeýär. Ol 32 ýeňiş gazandy (23-si nokaut bilen), ýene bir söweş deňme-deň tamamlandy. 34 ýaşly Uaýtyň hasabynda 28 ýeňiş bilen (19-sy nokaut arkaly) üç ýeňliş bar.


düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......