Penşenbe gününden Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň salkynlamagyna garaşylýar

Penşenbe gününden Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň salkynlamagyna garaşylýar

Penşenbeden başlap Türkmenistanyň aglaba sebitlerinde howa salkynlar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Dynç günleri ýagşyň ýagmagy mümkin.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda penşenbe güni howanyň aňrybaş gyzgynlygy +28 dereje bolmagyna garaşylýar. Anna güni temperatura +22-ä çenli aşaklar.  Şenbede termometriň sütünjigi +24 derejäni görkezer. Ýekşenbe güni temperatura birden +16-a çenli peseler we 14,2 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin.

Balkan welaýatynda penşenbeden başlap, şenbe gününe çenli howanyň temperaturasynyň +20 derejede saklanmagyna garaşylýar. Şenbe güni 1,6 mm ygalyň düşmegine garaşylýar. Ýekşenbe güni howanyň derejesi +13-e çenli aşaklar we az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň penşenbe güni howa +35  derejä çenli gyzar. Anna gününden başlap howa biraz salkynlap ugrar we temperatura +27 dereje bolar. Şenbe güni howanyň +25 dereje bolmagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni az-kem ýagşyň ýagmagy mümkin we howanyň temperaturasy +19 dereje bolar.

Penşenbe güni Mary welaýatynda howa gyar - +36 dereje bolmagyna garaşylýar, Anna gününden howanyň derejesi aşaklap ugrar we +29 derejä çenli peseler hem-de  hepdäniň ahyryna çenli termometriň sütünjigi şu derejede saklanar diýip garaşylýar. 

Lebap welaýatynda yssy temperatura saklanar. Sebitde hepdäniň ahyryna çenli howanyň derejesi  +32 -de saklanar. Dynç günleri tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.