Smartfonlara surat boýunça keselleri anyklamak öwrediler

  • 29.03.2022 20:27
  • 11k+

Google-iň gözlegçileri smartfonlardaky suratlaryň kömegi bilen suratlar boýunça diabeti anyklamagyň usullaryny öwrenýärler. Bu barada Google Al blogunyň makalasyna salgylanyp, ZDNet portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Mobil gurluşlaryň kamerasyndan alnan suratlaryň bu keseliň dürli görnüşlerini anyklamaga kömek edip biljekdigini bilmek maksady bilen alymlar EyePACS we Chang Gung Memorial Hospital bilen bilelikde kliniki synaglary geçirer.

Mundan başga-da, Google-iň saglygy goraýyş müdiri lukman Karen Desalwo kompaniýanyň keselleri anyklamak we gözegçilikde saklamak üçin täze çemeleşmeleri işläp taýýarlaýandygyny aýtdy. Mysal üçin, Google smartfony döşüňde goýanyňda ýürek urgusynyň sesini ýazyp almagyň usullaryny öwrenýär.

“Häzirki wagtda biz kliniki synaglary geçirmegiň irki tapgyrynda barýarys, ýöne biz işimiziň adamlara smartfony saglygyňa baha bermek üçin goşmaça gural hökmünde ulanmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris” – diýip, Desalwo belledi. 


şu gün 08:22
645

Fransiýa Windows-dan we ÝB-den daşarda öndürilen tehnologiýalardan ýüz öwürýär

Fransiýa özüniň sanly özygtyýarlylygyny berkitmek maksady bilen, Windows operasion ulgamyndan we Ýewropa Bileleşiginiň çäginden daşarda döredilen beýleki tehnologiýalardan el çekmäge taýýarlanýar. Bu barada......

16.04.2026 16:25
1.4k+

Sanly gandallar: işjeň çatlar we habarlar boş wagtyňy nähili ogurlaýar

Bir wagtlar iş güni işgärleriň ofisden çykmagy bilen gutarýardy. Häzirki wagtda işgäriň ýene işe dümtünip galmagy üçin ýekeje habaryň gelmegi ýeterlik....

16.04.2026 14:36
3.6k+

Alymlar çipsiz, batareýasyz ýa-da elektrik energiýasyz mehaniki kompýuter döretdiler

ABŞ-nyň keramatly Olaf kollejiniň we Sirakuza uniwersitetiniň alymlary pruzinalara we polat elementlere esaslanyp işleýän özboluşly hasaplaýyş ulgamyny döretdiler. Enjam elektrik energiýasyz, çipsiz ýa-da......

15.04.2026 19:03
839

Google YouTube Premium-yň abunasynyň bahasyny ýokarlandyrýar

Google kompaniýasy YouTube Premium abunasynyň bahasynyň nobatdaky gezek gymmatladylýandygyny yglan etdi. Bu üýtgeşmeler täze ulanyjylar üçin eýýäm güýje girdi. Aýlyk tölegler 2 dollar möçberinde ýokarlandy. Bu......