Özbek Lideri Berdimuhamedowyň ýaş ýolbaşçylara ýol bermek hakdaky çözgüdini goldaýar

  • 16.03.2022 14:42
  • 26k+

15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen jemlerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda türkmen Lideri döwlet işini mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde işjeň dowam etjekdigini belledi.

Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideriniň ýurdy ösdürmekde hem-de onuň halkara abraýyny belende götermekde ägirt uly goşandyny belläp, döwlet dolandyryşyna, oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän ýaş ýolbaşçylary giňden çekmek baradaky öňdengörüjilikli çözgüdini goldady hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barjak geljekki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanan türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Prezidentiniň başlan syýasy ugruny dowam etdirjekdigini, hususan-da, ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumyny giňeltmek, iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine täze taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görjekdigini nygtady.


şu gün 10:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplygyň ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...

düýn 12:18
2.9k+

Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

14-nji dekabrda Türkmenistanda Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni mynasybetli Ne­bit­gaz top­lu­my­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler” at­ly baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di...

düýn 11:20
1.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa we ýur­duň äh­li hal­ky­na Türk­me­nis­tan...

düýn 11:11
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow ne­bit­çi­leri, gaz­çy­lary we geo­log­lary Türkmenistanda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len gut­la­dy...