BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň täze wekili Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy

  • 17.02.2022 09:02
  • 13k+

16-njy fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmen Lideri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýany ýurdumyzda işe başlamagy bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleri dowam etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, sanlylaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, adam hukuklary hem-de ençeme beýleki meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarylandygy bellenildi. «Men bu ýerde mundan 10 ýyl ozal hem işläpdim we bu gün myhmansöýer Türkmenistana täze derejede, öýümize gelen ýaly duýgy bilen gaýdyp geldim» diýip, diplomat özara hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......