Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlary tassyklanyldy

Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlary tassyklanyldy

12-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň agzalarynyň hem-de halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda:

  • Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň uzak geljege gönükdirilen esasy ugurlary we geljek 30 ýylda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn işler tassyklanyldy.
  • Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň uzak geljege gönükdirilen esasy ugurlaryny we beýik özgertmeleri nazarlaýan taryhy başlangyçlary, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri wagyz etmegi we ilata düşündirmek, bu ugurda ýokary işjeňlik hem-de raýat düşünjeliligini görkezmäge çagyryşlary ýaýbaňlandyrmak Türkmenistanyň döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine tabşyryldy.