Bentley 2021-nji ýylda satuw rekordyny goýdy

  • 09.01.2022 14:16
  • 7.9k+

Geçen ýyl ýarym geçirijileriň ýetmezçiligi we COVID-19 pandemiýasynyň dowamly täsiri sebäpli awtoulag senagaty üçin örän agyr ýyl boldy. Ýöne bu päsgelçiliklere garamazdan, Bentley öz taryhynyň iň gowy ýylyny ýazdy. 2021-nji ýylda bu awtoöndüriji 14 659 awtomobil satdy, bu 2020-nji ýylda satylan 11 206 awtomobilden 31% köpdür. Bu barada pnzdrive.ru habar berýär.

Brend Bentayga awtoulagynyň iň köp satylýan model bolup galandygyny belledi. 2021-nji ýylda gibrid transmissiýasynyň goşulmagy sebäpli islendik geçen ýyla garanyňda, has köp nusga satyldy. Bentayga-nyň paýyna Bentley-iň umumy satuwynyň 40%-i düşýär. Continental GT-niň satuwy hem ýokarlanyp, brendiň satuwynyň 33%-ine barabar boldy, Coupe we Convertible modelleriniň arasynda 60/40% paýlandy. Flying Spur modeline satuwyň 27%-i degişli boldy. 

Amerika Bentley üçin iň uly bazar bolup, onda 4 212 awtomobil satyldy, bu 2020-nji ýyla garanyňda 39% köpdür. Onuň yzyndan 4 033 awtomobil bilen Hytaý gelýär, bu geçen ýyldan 40% köp. Ýewropanyň paýyna 2520 awtomobil düşdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 1651 awtomobil, Beýik Britaniýada 1328 awtomobil we Ýakyn Gündogarda 915 awtomobil satyn alyndy.

düýn 15:27
6.4k+

Hindistanda öndürilen wnedorožnik 406 tonnalyk otlyny ýerinden gozgady

JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi....

düýn 11:10
2.8k+

Ikölçegli illýuziýa: Renault el bilen çekilen ýaly görünýän awtoulagy çykardy

Renault kompaniýasy amerikan suratkeşi Joşua Waýdes bilen hyzmatdaşlykda Twingo E-Tech Electric elektrik ulagynyň üýtgeşik görnüşini görkezdi. Grafik eskiz stilinde dizaýn edilen awtoulag brendiň täze sungat......

düýn 07:14
1.8k+

Ford awtoulagy meteostansiýa öwürýän tehnologiýany patentledi

Ford kompaniýasy brendiň geljekki modellerine howany takyk çaklamaga mümkinçilik berjek howa şertlerini kesgitleýji innowasion ulgam üçin patent aldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda berlen patent resmi taýdan......

16.04.2026 19:09
12k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....