TASS dünýäde ilkinji bolup kosmosda hemişelik wekilligini açýar

  • 21.11.2021 08:34
  • 3.7k+

TASS agentligi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden ilkinji bolup Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) hemişelik wekilligini açýar. Agentligiň we Roskosmosyň bilelikdäki taslamasynyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýan hyzmatdaşlyk ähtnamasyna 17-nji noýabrda TASS-yň baş müdiri Sergeý Mihaýlow we Döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Rogozin gol çekdi. Bu barada e-cis.info habar berýär. 

TASS-yň orbitada ilkinji habarçysy Russiýanyň Gahrymany, Roskosmosyň kosmonawty Aleksandr Misurkin bolar. Ol stansiýadaky durmuş we iş hakynda gürrüň berer, onuň habarlaryny agentligiň informasion çeşmelerinde okap, suratlary we wideolary saýtda we sosial ulgamlardaky resmi sahypalarda görmek bolar.

“Roskosmosyň we TASS-yň ýörite bilim taslamasy Russiýanyň kosmosda alyp barýan işlerini düşündirmäge gönükdirilendir. Agentligiň okyjylary kosmonawtlaryň orbitadaky işleri, ylmy tejribeler, kosmos uçuşynyň aýratynlygy barada has köp maglumat alyp bilerler. Bu barada işe gönüden-göni gatnaşyjylar – Roskosmosyň kosmonawtlary gürrüň bererler” – diýip, Döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Rogozin belleýär. 

Misurkin kosmosa 8-nji dekabrda ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maezawa we onuň biznes kömekçisi Ýozo Hirano bilen bilelikde “Soýuz MS-20” gämisinde uçar. Häzir ol karantinde.

Belläp geçsek, häzirki wagtda TASS-yň dowamly işini tas 2 müň işgär üpjün edýär. Agentlik her gün Russiýadaky we daşary ýurtlardaky habarçylaryndan 2 müň töweregi habar we 600-800 töweregi surat hem-de wideosýužetleri çykaryp, wakalaryň bitewi we obýektiw kartinasyny emele getirýär.


18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

15.04.2026 20:08
5.4k+

Moskwada dünýäniň iň uzyn tramwaý ugry ulanylyşa girizildi

Moskwada ikinji tramwaý diametri (T2) ulanylyşa girizildi, ol şeýle görnüşdäki ugurlaryň arasynda iň uzyny boldy. Paýtagtyň häkiminiň saýtynda habar berlişi ýaly, onuň uzynlygy 33 kilometre barabar....

01.04.2026 16:26
1.5k+

Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO»......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....