«Time» žurnaly 2021-nji ýylyň iň gowy oýlap tapyşlaryny yglan etdi

  • 16.11.2021 09:30
  • 10k+

«Time» amerikan žurnaly 25-den gowrak ugur boýunça 2021-nji ýylyň iň gowy 100 oýlap tapyşyny neşir etdi. Bu barada neşiriň web sahypasyna salgylanyp, sostav.ru habar berdi.

Oýlap tapyşlaryň arasynda COVID-19-a we gyzdyrma garşy sanjymlar, hassahanadaky çagalaryň emosional goldawy üçin robot, jins matalary üçin ekologiýa taýdan arassa boýag we makaronyň täze formasy bar. Doly sanaw neşiriň web sahypasynda ýerleşdirildi.

“Goşundylar we soft” kategoriýasynda "Time"-yň žurnalistleri Neeva gözleg portalyny, Subdial howsala düwmesi programmasyny we MTA Live Subway Map interaktiw metro kartasyny saýladylar. Wirtual (VR) we giňeldilen (AR) hakykat bölüminde Lenovo ThinkReality A3 Smart we Qualcomm Snapdragon XR2 VR äýnekleri, şeýle hem AR režimli Google Maps görkezilýär.

Iň oňat gadjetlerden bolsa Paper Shoot Camera sanly kamerasy, Samsung Galaxy Z Flip3 eplenýän smartfon, Framework Laptop modully noutbuk, Vecnos IQUI akylly selfi taýagy we JLab JBuds Frames akylly äýnegi saýlandy.


düýn 22:31
1.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

düýn 18:36
557

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.5k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 07:37
2.9k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....