Gyrgyzystan türkmen elektrik energiýasyna we tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

  • 06.11.2021 08:44
  • 3.6k+

5-nji noýabrda Bişkek şäherine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjow Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Žaparow bilen duşuşdy. Duşuşyk «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» birinji Ykdysady forumynyň çäklerinde guraldy.

Premýer-ministr Akylbek Žaparow Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky möhüm ykdysad hyzmatdaşydygyny belläp, Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazyny ugratmagyň zerurlygyny nygtady. Ol gepleşikleriň dowamynda gyrgyz tarapynyň türkmenistanly maýadarlar üçin hemişe açykdygyny we özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gaznasyny döretmek, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapynyň wekili, öz gezeginde, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýunynda Türkmenistana saparynyň özara hyzmatdaşlyga täze itergi berendigini nygtap, iki ýurduň haryt dolanyşygynyň depginini has-da artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.


27.06.2025 18:52
3.3k+

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy

Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň  nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2025) gatnaşyjylaryň resmi hasaba alnyşy açyldy.  Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, «Energiýa...

20.06.2025 23:37
8.4k+

Serdar Berdimuhamedow Uzynada ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

Türkmenistanda täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi...

07.06.2025 13:13
2.4k+

Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi...

30.05.2025 10:53
3.1k+

Türkmenistanda portlarda nebit önümleriniň ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylýar

“Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B...