Маск стал первым человеком в мире с состоянием более $300 млрд

  • 02.11.2021 19:40
  • 18k+

Dünýäniň iň baý adamy, SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy we Tesla-ny esaslandyryjylaryň biri bolan Ilon Maskyň baýlygy 300 mlrd dollardan geçdi. Şeýle ýagdaý reýtingleriň taryhynda ilkinji gezek boldy. Maskyň baýlygy baradaky maglumatlar “Forbes” we Bloomberg reýtinglerinde berilýär diýip, rbc.ru habar berýär. 

Şeýlelikde, “Forbesiň” hasaplamasy boýunça, Maskyň baýlygy 308,5 mlrd dollar, Bloomberg-iň hasaplamasy boýunça, 311 mlrd dollar boldy.

Maskyň baýlygy söwda açylandan soň, NASDAQ biržasynda Tesla-nyň paýnamalarynyň gymmatlamagy bilen ýokarlanyp başlady. Bir gymmatly kagyzyň bahasynyň ösüşi açylyş bahasy bilen deňeşdirilende, 7,53% boldy.

Ilon Mask eýýäm bir hepde bäri dünýäniň iň baý adamydyr. Ol Tesla-nyň paýnamalarynyň ösüşi bilen Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosy birinji orundan düşürmegi başardy. Bu 21-nji oktýabrda kompaniýanyň hasabaty çykandan soň bolup geçdi. Kompaniýa hasabatda arassa girdejiniň, takmynan, bäş esse ýokarlanandygyny, şeýle-de düşewündiň rekord ösüşi barada habar berdi.

25-nji oktýabrda paýnamalaryň bahasy 9,75% ýokarlandy we netijede, Tesla-nyň bazar kapitallaşdyrmasy taryhda ilkinji gezek 1 trln dollara ýetdi. Şondan soň Maskyň baýlygy 25,6 mlrd dollar artyp, 255,2 mlrd dollar boldy (“Forbes” reýtinginiň maglumatlary boýunça).


20.06.2026 10:45
3.8k+

На IPO SpaceX разбогатели много людей: от топ-менеджеров до обычного сварщика и конкурента

12 июня 2026 года аэрокосмическая компания SpaceX провела первичное размещение акций (IPO) на фондовой бирже. Это событие официально сделало её основателя Илона Маска первым в мире долларовым триллионером.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Илон Маск стал первым триллионером в мире: пока только на бумаге

Илон Маск стал первым в истории человеком, чей личный капитал превысил отметку в 1 триллион долларов. Это произошло благодаря первичному размещению акций SpaceX на бирже Nasdaq, сообщает агентство Reuters....

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX провела крупнейшее в истории IPO – ее оценили в $1,77 трлн

Аэрокосмическая компания SpaceX, принадлежащая Илону Маску, провела первичное размещение акций (IPO). Оно стало рекордным за всю мировую историю, пишет агентство Reuters....

10.05.2026 12:04
1.4k+

Маск объявил о ликвидации xAI как отдельной компании после соглашения с Anthropic

Компания xAI, занимающаяся разработкой искусственного интеллекта, будет ликвидирована как отдельная структура и станет ИИ-подразделением SpaceX. Об этом сообщил владелец компании Илон Маск в соцсети X....