Aguero ýürek näsazlygy sebäpli üç aý oýunlardan çetleşdi

  • 02.11.2021 16:35
  • 4.3k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Serhio Aguero üç aý oýunlardan çykdy. Bu barada klubuň resmi Twitteri habar berýär diýip, sport-express.ru belleýär. Öň, onda ýürek aritmiýasynyň bardygy belli boldy. 

Habar berlişi ýaly, hüjümçi lukman tarapyndan bellenilen anyklaýyş we bejergi amallaryndan geçdi. Ýakyn üç aýyň dowamynda ol meýdança dolanyp bilmez. Bu döwürde saglygy dikeltmegiň takyk möhletini kesgitlemek üçin bejergi işiniň netijeliligine baha berler.
Geçen şenbe güni Aguero Ispaniýanyň çempionatynyň “Alawes” bilen oýnunyň 41-nji minutynda meýdançadan çykdy. “Barselona” Agueronyň döşünde agyry duýandygyny, şol sebäpli hassahana iberilendigini habar berdi.
Şu möwsümde 33 ýaşly oýunçy “Barselona” üçin bäş oýna gatnaşdy we bir gol geçirdi.


düýn 23:46
3.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 00:17
8.8k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

01.06.2026 16:29
4.6k+

«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy

«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli......

22.05.2026 11:36
6.1k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....