Islam Mahaçew UFC-de bassyr dokuzynjy ýeňşini gazandy

Islam Mahaçew UFC-de bassyr dokuzynjy ýeňşini gazandy

Russiýaly söweşiji Islam Mahaçew Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) söweşinde täze zelandiýaly Den Hukerden üstün çykdy. UFC 267 turniri Abu-Dabide geçirildi.

Ýeňil agramda geçirilen söweş russiýaly türgeniň birinji raundda agyryly usul arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.

30 ýaşly Mahaçewiň asly Mahaçkaladan bolup, ol öň Habib Nurmagomedowyň kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýärdi, häzir Nurmagomedowyň öňki tälimçisi Hawýer Mendesiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

Bu ýeňiş türgen üçin UFC-de bassyr dokuzynjy boldy. Mahaçewiň hasabynda garyşyk başa-baş göreşde 21 ýeňşi we bir ýeňlişi bar. Ol 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda braziliýaly Adrian Martinsden nokaut bilen ýeňildi.

Huker 31 ýaşynda, onuň hasabynda 21 ýeňiş we 11 ýeňliş bar.