Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsümine badalga berler

  • 23.10.2021 14:37
  • 4.9k+

Türkmenistanda şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsüminde 15 milliondan gowrak bag nahallary ekilip, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Bu barada 22-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli Karara laýyklykda, döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 30 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsüminde 15 milliondan gowrak bag nahallary ekilip, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigata aýawly garamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady we wise-premýere öňümizdäki ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 13:51
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
8.1k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

düýn 13:44
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
6.7k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......