Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

14-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise GDA gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew türkmen tarapyndan wekilçilik etdi.

Gün tertibine girizilen meseleleriň wajypdygyny belläp, ilçi öz çykyşynda ileri tutulýan ugur hökmünde ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy kesgitledi. Bellenilişi ýaly, GDA-nyň kabul eden 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş strategiýasy wajyp ugurlardaky ýakyn gatnaşyklary göz öňüne tutýar we şu nukdaýnazardan, GDA öz mümkinçiliklerini Ýewraziýadaky ykdysady işiň kuwwatly subýekti hökmünde doly amala aşyrmaly.

Bilelikdäki işiň iň wajyp ugry hökmünde ilçi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň gün tertbindäki meseleler boýunça GDA gatnaşyjy ýurtlaryň garaýyşlarynyň utgaşdyrylmagy we ylalaşylmagy hakynda nygtap geçdi. Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň ÝUNESKO, ÝHHG, MAGATE we şular ýaly halkara guramalarynyň çäklerindäki olaryň gün tertibiniň meseleleri, beýleki halkara we sebitleýin meseleler babatda pikir alyş-çalşygyny amala aşyrmak boýunça yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek tejribesini hem ählitaraplaýyn goldaýandygy barada aýratyn belledi.

Çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň wekili türkmen tarapynyň adyndan Arkalaşygyň ýurtlaryny şu ýylyň ahyrynda ýurdumyzda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar 2022-nji ýylda Arkalaşykda Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny goldadylar hem-de Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna girizdiler. Şeýle-de mejlisde Moldowa Respublikasynyň Komrat şäherini 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan etmek baradaky resminama gol çekildi.