Fumio Kisida resmi taýdan Ýaponiýanyň premýer-ministri boldy

  • 04.10.2021 12:15
  • 2.7k+

Ýaponiýanyň aşaky palatasy sesleriň köplügi bilen Ýaponiýanyň häkimlik edýän Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Fumio Kisidany ýurduň ýüzünji premýer-ministri wezipesine saýlady diýip, TASS ses berişligiň görkezilişine salgylanyp habar berdi. Öň, jenap Kisida DIM-niň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýärdi.

Ýaponiýada premýer-ministr partiýalar tarapyndan hödürlenen kandidatlaryň sesleriniň köplügi bilen saýlanylýar. Her bir partiýa dalaşgär hödürleýär. Deputatlaryň ýarysyndan köpüsi LDP girýär.

Ýaponiýanyň ýokarky palatasynda hem sesleriň aglabasy häkimlik edýän LDP berildi. Şol bir wagtda, ýokarky palatada başga bir dalaşgär ýeňiş gazanaýan halatynda-da, premýer wezipesini aşaky palatanyň tassyklan dalaşgäri eýelärdi.

Şu gün, 4-nji oktýabrda Ministrler kabinetiniň täze düzümi yglan ediler. Ministr wezipesine dalaşgärler Kisida tarapyndan ýekşenbe güni kesgitlenilipdi. Hökümetiň 20 agzasynyň 13-si ilkinji gezek ministr bolarlar. Aşaky palata ygtyýarlyk möhletleriniň gutarandygy sebäpli ýatyrylar.

Öň, TmCars.info Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýosihide Suganyň hökümetiniň doly düzümde ýatyrylandygyny habar beripdi.


düýn 15:08
1.7k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 15:17
3.5k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......