BMG dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň sosial goraga eýe däldigini aýtdy

  • 18.09.2021 16:08
  • 3657
BMG dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň sosial goraga eýe däldigini aýtdy

BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara zähmet guramasynyň (HZG) hasabatynda dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çökgünlik şertlerinde sosial ätiýaçlandyryş çäreleri bilen üpjün edilmändigi aýdylýar. Bu barada TASS habar berýär.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň diňe 47%-i sosial ätiýaçlandyryş bilen üpjün edilen, 4,1 mlrd adam (53%) bolsa milli sosial gorag ulgamlaryndan hiç hili ätiýaçlandyryş tölegini almaýar. Hünärmenler “sosial gorag gurşawyndaky sebit deňsizligine” ünsi çekýärler. Ýewropada we Merkezi Aziýada ýaşaýjylaryň 84%-i sosial ätiýaçlandyryşyna eýe bolup, bu dünýäde iň ýokary görkezijidir. Amerikada bu gurşaw 64,3%-e, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 44%-e, Arap ýurtlarynda 40%-e, Afrikada 17%-e ýetýär.

Hasabatda getirilen maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde çagalaryň dörtden bir bölegi (26,4%) we maýyplaryň üçden bir bölegi (33,5%) sosial goragdan peýdalanýar, zenanlaryň ýarysyndan az bölegi (45%) çaga doglanda töleg alýar, işsizlik boýunça kömek puluna işsiz adamlaryň 18,6%-i bil baglap bilýär. Ýaş boýunça pensiýalar barada aýdylanda, olary pensiýa ýaşyna ýeten adamlaryň 77,5%-i alyp bilýär.

Hünärmenleriň hasaplamagyna görä, ilaty esasy sosial ätiýaçlandyryş bilen doly üpjün etmek üçin pes girdejili ýurtlara bu ugurda her ýyl 77,9 mlrd dollar, ortaça girdejili ýurtlara 362,9 mlrd dollar, ýokary girdejili ýurtlara 750,8 mlrd dollar maýa goýmak gerek, bu olaryň JIÖ-niň, degişlilikde, 15,9%-ini, 5,1%-ini we 3,1%-ini emele getirýär.


02.04.2024 14:08
10951

Dünýäniň ilaty garraýar. Türkiýe we beýleki ýurtlar “garry” topardakylaryň üstüni ýetirýärler

Dünýäniň ilatynyň garamagy çaltlaşýar we Türkiýäniň ilaty hem şolara degişli. Bu ýurt 2023-nji ýylyň ahyrynda “garry” ilatly ýurtlaryň hataryna girdi. BMG-nyň toparlara bölüşine görä, 65 ýaşdan uly adamlaryň sany...

06.12.2023 17:47
6838

BMG 2024-nji ýyly Halkara düýedarçylyk ýyly diýip yglan etdi

Birleşen Milletler Guramasy 2024-nji ýyly Halkara düýedarçylyk ýyly diýip yglan etdi. Bu ýyl düýeleriň 90-dan gowrak ýurtda millionlarça öý hojalygynyň ýaşaýşy üçin serişde çeşmesini üpjün etmekde esasy roluny...

07.09.2023 20:02
7343

BMG 2023-nji ýylyň tomsuny howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssysy diýip atlandyrdy

BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habaryna görä, Ýer togalagy 2023-nji ýylyň tomsunda iň yssy üç aýy başdan geçirdi. "Planetamyz ýap-ýaňyja gaýnama möwsümini – howa gözegçilikleriň bütin taryhynda iň...

14.07.2023 15:11
5416

ABŞ ýene ÝUNESKO-nyň agzasy boldy

ABŞ-nyň ÝUNESKO-nyň düzümine gaýdyp gelmek prosesi tamamlandy, Birleşen Ştatlar guramanyň 194-nji agza döwleti boldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar diýip, TASS habar...