Samsung suwda ýüzmek üçin ýörite simsiz gulaklyklary döretdi

  • 18.09.2021 12:54
  • 6k+

Samsung suwa çydamly täze simsiz gulaklyklary patentledi. Şeýle Galaxy Buds-larda arkaýyn ýüzüp we hatda suwa çümüp hem bolýar diýip, msn.com habar berýär.

"Galaxy Buds Pro" we “Galaxy Buds 2” IPX7 standarty boýunça suwa garşy çydamly edilip döredildi. Netijede, olar suwuň içinde bir metr çuňlukda 30 minutlap saklanyp bilýärler. Ýöne bu kadaly ýüzmek üçin häzirlikçe ýeterlik däl diýip, çeşme ýazýar.

Samsung-yň täze patentinde ýeňsäňden aýlanyp birleşýän simsiz gulaklyklar hakynda beýan edilýär. Enjamlaryň özleri birnäçe mikrofon, datçik we iki taraplaýyn ses çykaryjylar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olary hatda eliňi degirmek arkaly hem dolandyryp bolýar.

Garaz, gulaklygyň ähli "syry" boýnuň üsti bilen ýeňsäňden aýlanyp birleşýän çeýe turbajykda jemlenýär. Hut şol turbajyk hem gulaklyklary suwdan  goramaga mümkinçilik berýär.

Şeýle “Galaxy Buds”-yň haçan satuwa çykyp biljekdigi häzirlikçe belli däl.


şu gün 10:31
4.6k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......