Ronaldu Çempionlar ligasynda Messiniň rekordyny gaýtalady

  • 16.09.2021 11:43
  • 13k+

«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň hüjümçisi Lionel Messiniň Çempionlar ligasynda gol geçiren toparlarynyň sany boýunça rekordyny gaýtalady. Bu barada Lenta.ru habar berdi.

Futbolçy ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji aýlawynda Şweýsariýanyň "Ýang boýz" toparyna garşy oýnuň 13-nji minudynda hasaby açdy. Bu topar Çempionlar ligasynda Ronaldunyň derwezesine gol geçiren 36-njy kluby boldy. Messi hem şonça topara gol geçiripdi.

Duşuşykda “Mançester Ýunaýted” “Ýang Boýzdan” 2:1 hasabynda ýeňildi. Ronaldunyň öz topary üçin geçiren ýeke-täk goly bolsa onyň häzirki Çempionlar ligasynda ilkinji goly boldy.

Hüjümçi Madridiň "Realyndan" soň - 2018-nji ýyldan bäri "Ýuwentusda" oýnady. Ispan klubundan ozal bolsa ol 2003-2009-njy ýyllar aralygynda "Mançester Ýunaýtedde" çykyş etdi. Iňlis toparynda portugaliýaly oýunçy üç gezek liganyň çempiony bolup, bir gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.


26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....