Kriştianu Ronaldu «Mançester Ýunaýted» bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy

  • 31.08.2021 17:48
  • 13k+

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu iňlis futbol kluby “Mançester Ýunaýted” bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Mançesterden klubuň metbugat gullugy habar berýär.

27-nji awgustda “Mançester Ýunaýted” 36 ýaşly portugaliýaly hüjümçiniň geçmegi barada “Ýuwentus” bilen ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Iňlis klubunyň Ronaldu bilen şertnamasy iş wizasyny alan ýagdaýynda ýene bir möhlete uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyla niýetlenýär.

“Mançester Ýunaýted” – ýüregimde hemişe aýratyn orun eýelän klub we anna güni geçmek barada belli edilenden bäri alan habarlarym meni geň galdyrdy. Men “Old Traffordda”  doly münberleriň öňünde oýnamaga we ähli janköýerleri ýene görmäge howlugýaryn. Men halkara oýunlardan soň topara goşulmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn we öňümizde üstünlikli möwsümiň bardygyna umyt bildirýärin – diýip, Ronaldu aýdýar.


düýn 23:41
975

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.6k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......