Gurban Berdiýew 69 ýaşady. «Kaýrat» baş tälimçisini gutlady

  • 25.08.2021 15:22
  • 11k+

Almatanyň «Kaýrat» kluby täze baş tälimçisi Gurban Berdiýewi doglan güni bilen gutlady. Türkmen hünärmeniniň doglan güni futbol kluby bilen 24-nji awgustda şertnama gol çekişmeginiň ertesine gabat geldi.

«Kaýrat» futbol klubynyň resmi Instagram sahypasynda ýerleşdirilen gutlagda Gurban Berdiýewiň terjimehalynyň esasy sepgitleri sanalyp geçilýär. 

«Doglan günüňiz bilen, Gurban Bekiýewiç!

«Kaýrat» futbol klubunyň uly maşgalasy Gurban Bekiýewiçi doglan güni bilen gutlaýar, oňa berk jan saglygyny we uzak ýaş, abadançylyk hem-de klub bilen bilelikde uly ýeňişleri gazanmagy arzuw edýär!» – diýlip, klubuň metbugat gullugy belleýär.

TmCars.info-nyň adyndan türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewe uzak ýaş, jan saglyk hem-de täze kluby bilen ýatdan çykmajak uly ýeňişleri arzuw edýäris!


düýn 18:26
3.3k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
5.5k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6.3k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.8k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......