Özbegistanda pandemiýa sebäpli ÝOM-e synaglar açyk howada geçiriler

Özbegistanda pandemiýa sebäpli ÝOM-e synaglar açyk howada  geçiriler

Pandemiýa sebäpli Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary açyk howada – stadionlarda we seýilgählerde geçirilýär. Bu barada TASS respublikanyň Ýokary bilim ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi. Muny belta.by ýetirýär.

“5-nji awgustda başlanan respublikanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary, geçen ýyl bolşy ýaly, stadionlarda we seýilgählerde, açyk howada ähli sanitar-epidemiologiki talaplary berjaý etmek bilen geçirilýär” – diýip, metbugat gullugynyň wekili aýdýar. Hususan-da, Daşkentde şu gün irden başlanan synaglar Pahtakor we Bunedkor (“Gurluşykçy”) stadionlarynda, şeýle-de Ýeňiş seýilgähinde we botanika bagynda geçirilýär.

Döwlet synag merkeziniň habar bermegine görä, şu ýyl ýokary okuw mekdeplerine, takmynan, 950 müň dalaşgär resminama tabşyrdy, bu 2020-nji ýyla garanda 535 müň ýa-da 36,1% azdyr. 2019-njy ýylda respublikanyň 1,006 mln ýaş oglan we gyzlary talyp bolmaga isleg bildirdiler.

Şeýle-de, 950 müň dalaşgärden 804 660 sanysynyň özbek dilinde, 109 232 sanysynyň rus dilinde, 31 462 sanysynyň garagalpak we 2 857 sanysynyň beýleki dillerde okamak isleýändigi habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde 479 627 adam ýokary okuw mekdepleriniň gündizki, 435 995 sanysy gaýybana we 32 589 sanysy agşamky bölümlerine resminama tabşyrdy.

2021/2022-nji okuw ýyly üçin döwlet buýrugyna laýyklykda, 157,7 müň dalaşgär bakalawr, 12,9 müň dalaşgär magistratura derejesini alar.