Germaniýanyň atly sport boýunça milli ýygyndysy toparlaýyn atly ýöremede Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Germaniýanyň atly sport boýunça milli ýygyndysy toparlaýyn atly ýöremede Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Germaniýanyň milli ýygyndysy Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda toparlaýyn atly ýöremede ýeňiş gazandy. Bu topar 8 178 bal gazanyp, dissiplinada tituly gorady. Ikinji orny ABŞ-nyň milli ýygyndysy (7 747), üçünji orny Beýik Britaniýanyň topary (7 723) eýeledi. 

Atly sport Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek 1900-nji ýylda hödürlendi we 1912-nji ýyldan bäri Oýunlaryň maksatnamasyna üýtgewsiz girýär.
Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 8-nji awgustda tamamlanar.