Kaliş Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň toparyna ilkinji altyn medaly getirdi

  • 25.07.2021 15:38
  • 2.4k+

Amerikaly Çeýz Kaliş 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. 

Kaliş bu aralygy 4 minut 09,42 sekuntda geçdi. Ikinji orny watandaşy Jeý Literlen (yza galyş – 0,86 sekunt), üçünji orny awstraliýaly Brendon Smit (+0,96) eýeledi. Türgenler bu aralygy ýüzüşiň ähli görnüşleri bilen (100 metrden batterflýaý, arkanlygyna, bras we erkin usul) geçdiler.
Kaliş 27 ýaşynda. Ol ilkinji gezek Olimpiýa çempiony boldy, mundan öň onuň hasabynda 2016-njy ýyldaky Oýunlaryň kümüş medaly bar. Şeýle-de, onuň hasabynda dünýä çempionatynyň iki altyn, kümüş we iki bürünç medaly bar. 
Amerikan türgenleri Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanan günlerinde hiç hili baýrak alyp bilmediler, bu ýagdaý 1972-nji ýylda Mýunhende geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan bäri ilkinji gezek boldy. ABŞ-nyň milli ýygyndysy 1896-njy ýylda Afinyda geçirilen ilkinji ýaryşlardan bäri Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gelýär. Amerikan türgenleriniň hasabynda jemi 1023 altyn, 796 kümüş we 706 bürünç medal bar. Olimpiýa oýunlarynda iň köp baýrakly amerikaly türgen suwda ýüzüji Maýkl Felpsdir, onuň hasabynda 23 altyn, üç kümüş we iki bürünç medal bar.


düýn 15:55
9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
9k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.7k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

düýn 10:43
9.1k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......