Tokioda Olimpiýa alawynyň estafetasy tamamlandy

Tokioda Olimpiýa alawynyň estafetasy tamamlandy

Ýaponiýanyň paýtagt prefekturasynda Olimpiýa alawynyň estafetasynyň soňky tapgyry Oýunlaryň resmi açylyşynyň öňüsyrasynda anna güni tamamlandy. Bu waka bagyşlanan şowhunly dabara Tokio şäher häkimliginiň binasynyň golaýynda geçirilýär diýip, TASS habar berýär.

Estafetanyň jemleýji tapgyry 9-njy iýulda başlandy we 15 gün dowam etdi. Tokioda ylgaw koronawirus bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli, tomaşaçylar bolmazdan ýapyk režimde geçdi. Ýöne bu paýtagt prefekturasyna girýän uzakdaky we az ilatly adalara degişli bolmady. Estafetanyň iň soňky fakel göterijisi kabuki teatrynyň ata-baba aktýory Kankuro Nakamura VI boldy.
Şundan soň, agşam alaw Oýunlaryň açylyş dabarasynyň boljak esasy Olimpiýa meýdançasyna eltiler. Fakeli kimiň okara getirjekdigi heniz belli däl.
Belläp geçsek, Oýunlaryň açylyş dabarasy adaty tomaşaçylar bolmazdan geçiriler, oňa 950 resmi adam gatnaşar.