Geçen okuw ýylynda Belarusda türkmen talyplarynyň 8738-si okady

  • 21.07.2021 15:50
  • 12k+

2020-2021-nji okuw ýylynda Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyplaryň 8 müň 738-si okady. Bu baradaky maglumatlar Belarusuň Milli statistika komitetiniň resmi saýtynda ýerleşdirilen «Belarus Respublikasynda bilim» atly ýygyndyda çap edildi.

«Belarus Respublikasynda bilim» atly ýygyndyda ýurtda bilim ulgamynyň ösüşi bilen bagly maglumatlar ýerleşdirildi. Onda berilýän maglumatlara görä, Türkmenistan, Hytaý (3634) we Russiýa (1517) Belarusa raýatlary iň köp okamaga gelen ýurtlaryň ilkinji üçlügini düzdi. Ýurduň orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa türkmenistanly ýaşlaryň 123-si bilim alýar.
Ýeri gelende bellesek, Belarus Respublikasynda 2016-2017-nji okuw ýylynda türkmenistanly talyplaryň 7982-si, 2017-2018-nji okuw ýylynda 7219-sy, 2018-2019-njy okuw ýylynda 7965-si, 2019-2020-nji okuw ýylynda bolsa 10056-sy okap, bilim aldy.

düýn 19:18
1.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
2.9k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.8k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.4k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......