Geçen hepdede Türkmenistanyň birźasynda geleşikleriň 23-si baglaşyldy

  • 19.07.2021 09:29
  • 4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million dollaryna golaý bolan geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Wirgin adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri daşary ýurt puluna list aýna hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.  BAE-niň, Türkiýäniň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 7 million 663 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 6 million manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.


şu gün 11:12
889

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

şu gün 11:02
5.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

şu gün 10:18
2.8k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

şu gün 10:09
5.3k+

Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy...