Rojer Federer Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan boýun gaçyrdy

Rojer Federer Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan boýun gaçyrdy

Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Bu barada ol özüniň Twitter sahypasynda ýazdy diýip, TASS habar berýär.

“Men möwsümiň dowamynda otuň üstünde dyzymda agyry duýdum we şonuň üçin Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmek kararyna geldim. Men muňa örän gynanýaryn, sebäbi her gezek Olimpiadada Şweýsariýa wekilçilik etmek meniň üçin buýsançdy. Men reabilitasiýa işine eýýäm başladym we tomsuň ahyryna çenli korta dolanaryn diýip umyt edýärin” – diýip, Federer ýazdy.

Federer 39 ýaşynda, ol “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek ýeňijisi, ýekelikde Olimpiýa oýunlarynyň kümüş baýrakçysy (2012) we jübütlikde olimpiýa çempionydyr (2008). Tennisçi iki gezek (2004, 2008) Olimpiadanyň açylyş dabarasynda Şweýsariýa wekiliýetiniň baýdak göterijisi boldy, 2012-nji ýylda ol ýurdunyň baýdagyny götermekden ýüz öwürdi.
Federer Professional tennisçileriň Assosiasiýasynyň reýtinginde sekizinji orny eýeleýär. Ol guramanyň howandarlygynda 103 ýaryşda ýeňiji boldy (rekord görkeziji).
Öň, dünýäniň üçünji raketkasy ispaniýaly Rafael Nadal, dünýä reýtinginiň altynjy belgisi awstriýaly Dominik Tim we dünýäniň onunjy raketkasy kanadaly Denis Şapowalow Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan ýüz öwrüpdi.