Instagram uly üýtgeşmeleriň boljakdygyny habar berýär

  • 14.07.2021 14:29
  • 9.8k+

Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mosseri ýakyn aýlarda sosial ulgamda garaşylýan üýtgeşmeler barada habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, Instagram wideo formatynyň ösdürilmegine üns berer, lentada bolsa ulanyjynyň abuna ýazylmadyk akkauntlaryndan maslahat berilýän postlaryň has köp mukdaryny görkezmek meýilleşdirilýär. Häzir maslahat berilýänler diňe ýörite goşmaça sahypalarda görkezilýär diýip, www.m24.ru belleýär.

“Biz indi foto ýa-da inedördül suratlary alyş-çalyş etmek üçin programma däl” – diýip, Mosseri özüniň Instagram sahypasynda belleýär. Sosial ulgamda wideo formatdan başga-da, onlaýn söwda we habarlary alyş-çalyş etmek ugurlaryna uly üns berler. Şeýle-de, mazmun döredijilere goldaw bermek meýilleşdirilýär.

Instagram-yň ýolbaşçysy mobil telefondan görmäge gönükdirilen doly ekranly, immersiw, gyzykly roliklere üns beriljekdigini belledi. Üýtgeşmeler ýarym ýylyň ýa-da bir ýylyň içinde ýuwaş-ýuwaşdan bolar. Mosseri adamlaryň Instagram-a güýmenje üçin girýändiklerini, şeýle-de sosial ulgamyň bäsdeşleri hökmünde TikTok bilen YouTube-y belledi.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
914

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......