Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda 29 sany geleşik baglaşyldy

  • 23.06.2021 19:04
  • 5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt pulunda Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna nah matany we ýüplügi, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 27 müň dollaryndan gowrak boldy.
Nah ýüplük Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň işewürler toparlarynyň wekillerine ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 774 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 12 million 178 müň manatdan gowrak polimer külkesini, polipropilen we gaplamak üçin ulanylýan plýonkany satyn aldylar.


düýn 20:14
1k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....