Apple назвала лучшие приложения текущего года

  • 14.06.2021 22:25
  • 7.1k+

Apple her ýylda «App Store» internet dükanlaryndaky mobil goşundylaryň we oýunlaryň 6 ugur boýunça iň gowularyny saýlaýar. hi-tech.mail.ru kompaniýanyň 2021-nji ýyldaky saýlan mobil goşundylarynyň adyny mälim etdi.

Özara baglanyşyk
Bu nominasiýada işläp taýýarlaýjylaryň mobil goşundylardaky amatly we düşnükli interfeýsleri saýlanýar. Howa maglumatly CARROT Weather mobil goşundysy bu ugurda ýeňiji boldy. Bu ugurda Bird Alone iň gowy oýun programmasy hökmünde saýlanyp alyndy.

Jemgyýetçilik ähmiýeti
Bu ugurda adamlara möhüm meseleri çözmäge ýardam edýän goşundylar saýlanyp alynýar. Be My Eyes bu babatda iň gowusy hökmünde ykrar edildi. Ol körlere we çala görýänlere kamera arkaly zatlary hem-de dünýä ýurtlaryndan meýletinçileri tanamaga kömek edýär. Albo mobil goşundysy bu ugurda iň gowy oýun hasaplandy. Ol Alba atly gyzjagazyň täze myhmanhananyň gurluşygy üçin zapowednigi ýok etmekleri sebäpli, haýwanlary halas edişi hakyndadyr.

Wizual görnüş we grafika
Owadan interfeýs we adaty bolmadyk dizaýn üçin saýlanýan bu ugurda belarusly programmaçylaryň Loona goşundysy ýeňiji boldy. Genshin Impact bolsa iň owadan oýun programmasy hökmünde saýlandy.

Innowasiýalar
NaadSadhana goşundysy Apple telefonlaryndaky Core ML neýroulgam moduly arkaly sazandalara wokal aýdymlary ýerine ýetirilende ýüze çykýan ýalňyşlyklara düşünmäge kömek edýär.
League of Legends oýnuny bolsa iň innowasion oýun hökmünde saýladylar.

Şatlyk we gyzykly güýmenje
Çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we käbir zatlary synag edip görmeklerine mümkinçilik berýän Pok Pok Playroom mobil goşundysyny çagalar üçin iň gowy güýmenje diýip ykrar etdiler.
Little Orpheus bolsa bu ugurda iň gowy oýun hökmünde saýlanyp alyndy.

Inklýuziwlik
Voice Dream Reader goşundysy islendik maglumat çeşmesinden alnan tekstleri sesi bilen, şol sanda PDF faýllary okap bilýär. Şonuň üçin-de ol dürli gelip çykyşly, dürli dillerde gürleýän adamlar üçin hem amatly, hem peýdaly mobil goşundylary saýlanýan bu ugurda ýeňiji boldy.
HoloVista oýny bolsa köp zatlary özünde jemleýändigi üçin bu nominasiýanyň iň gowy oýny boldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri Apple kompaniýasy tarapyndan öz mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de täze goşundylary döretmäge ýardam berýän tölegsiz softlar bilen sylaglanar.


вчера 21:09
1.1k+

Топ-20 главных звезд Apple Music: подведены итоги сервиса за 11 лет

Музыкальная платформа Apple Music готовится отметить свое 11-летие — сервис был запущен 30 июня 2015 года. В связи с этим событием был обнародован список из 20 самых прослушиваемых исполнителей за все время......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Стив Джобс стал лицом новой монеты номиналом $1

Монетный двор США официально выпустил в продажу памятную монету номиналом 1 доллар, посвященную сооснователю компании Apple Стиву Джобсу. Ее анонсировали еще в прошлом году....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple урегулирует иск на $250 млн из-за задержки запуска обновлённой Siri

Компания Apple согласилась выплатить 250 млн долларов для урегулирования коллективного иска в США, связанного с задержкой запуска обновлённой версии голосового помощника Siri с функциями искусственного......

11.04.2026 14:59
8.1k+

В топ-10 бестселлеров мирового рынка смартфонов вошли сразу 5 моделей iPhone

Смартфоны iPhone заняли пять позиций в топ-10 самых продаваемых моделей в мире в четвертом квартале 2025 года. Это следует из данных Counterpoint Research. ...