Президент Туркмениста­на посетил Ахалтекинс­кий конный комплекс

  • 07.06.2021 14:07
  • 48k+

6-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, atşynaslarymyzyň behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde idedilýän Hanbeg, Serdar Berdimuhamedow bolsa, Şapolat atly bedewlerde çapuw ýodasynda gezim etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow atly gezelenjiň dowamynda eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri, ýurdumyzyň gündelik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

15.03.2026 09:34
8.1k+

В Ашхабаде состоялся садака-агзачар с участием президента и главы Халк Маслахаты

14 марта, накануне священной Ночи предопределения (Gadyr gijesi), в столичном мемориальном комплексе «Halk hakydasy» председатель Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедов и президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов дали садака-агзачар...

08.03.2026 22:08
6.3k+

Свыше 200 матерям в Туркменистане присвоено звание «Эне мяхри»

В Туркменистане матерям, родившим и воспитавшим восемь и более детей, присвоено почетное звание «Эне мяхри» («Материнская нежность»). Торжественная церемония вручения наград состоялась в Ашхабаде в честь Международного женского дня...

29.06.2023 09:06
34k+

29-30 июня Гурбангулы Бердымухамедов проведёт в Саудовской Аравии для совершения хаджа

Туркменская делегация во главе с председателем Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедовым посетят Мекку (Саудовская Аравия) с двухдневным визитом для совершения обрядов хаджа 29–30 июня 2023 года. Соответствующее...

сегодня 16:01
1.9k+

Новая редакция закона Туркменистана о миграции изменила порядок регистрации иностранцев

В Туркменистане внесены изменения и дополнения в статью 12 Закона «О миграции», которая регулирует порядок регистрации иностранных граждан и лиц без гражданства в Государственной миграционной службе. Текст......