Mikrotolkunly peçleriň saglyga ýetirýän täsiri hakynda aýdyldy

  • 18.05.2021 21:09
  • 17k+

"Roskaçestwonyň" ​​we «Which?» iňlis sarp edijilik guramasynyň hünärmenleri mikrotolkunly peçleriň saglyga ýetirýän täsirini anyklamak maksady bilen barlag geçirdiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Barlagyň netijesinde, hünärmenler soňky döwürde işjeň ulanylýan elektrik enjamynda - mikrotolkunly peçde radiasiýa ýok diýen netijä geldiler. Mundan başga-da, onda ulanylýan elektromagnit tolkunlarynyň mobil aragatnaşyk ýygylyklary bilen deňdigi anyklandy. Şeýle hem tolkunlaryň iýmitiň düzümine täsir etmeýändigi we onda saklanyp galmaýandygy bellenildi.
Şeýle-de hünärmenler mikrotolkunyň golaýynda artýan elektromagnit şöhlelenmesiniň ýüze çykyp biljekdigini we şonuň üçin ony tokdan aýryp goýmalydygyny nygtadylar. Şeýle hem ylmy barlaglar, düzüminde zäherli maddalaryň bardygy sebäpli, mikrotolkunly peçlerde iýmitleri plastik gaplarda gyzdyrmagyň howpludygyny görkezdi diýip, çeşme belleýär.

düýn 14:18
4.8k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......