Türkmen döwlet medeniýet institutynda Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 15.05.2021 14:18
  • 7.8k+

Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty” atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralan çärä türkmen alymlary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de beýleki döwletleriň iri ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar.
Maslahatlar zalynda Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlarynyň hem-de paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Wideoaragatnaşyk boýunça olara dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller goşuldy. Olaryň ylmy we döredijilik gyzyklanmalary Gündogaryň orta asyr eýýamy bilen baglydyr.
Alymlar Beýik Seljuklar döwrüniň taryhy, ykdysadyýeti we medeniýeti, edebiýaty barada gyzykly arheologik maglumatlar we golýazmalar bilen tanyşdyrdylar.
Käbir çykyşlar Soltan Sanjaryň döwründe Merkezi Aziýada bolan medeni durmuşyň aýratynlyklaryna, Seljuk hökümdarlarynyň dünýä medeniýetine we dünýä taryhynyň ösüşine goşan goşantlaryna bagyşlandy.
Käbir çykyşlarda Soltan Sanjaryň syýasy-diplomatik ýörelgeleri, onuň Bagdatdaky Abbasidler halyflygy, şeýle hem Anuş-Tegin we beýlekiler bilen gatnaşyklary açylyp görkezildi.

düýn 23:12
2.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.4k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......