Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Ýelizaweta II-niň ýanýoldaşy — Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Filippiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.

“Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk diläp, maşgalaňyzyň agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygynyň ähli halkyna ýürekden gynanjymy we medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýlip, hatda bellenilýär.

Şazada Filipp 9-njy aprelde 99 ýaşynda aradan çykdy.